- artbujak
- [a:rtbu:jak]1) Otyrýer, täret ýeri.∙ Ýagyş gurçugynyň bedenine lupa bilen seredip, öň tarap ujunda agyz deşigini, beýleki ujunda bolsa artbujagyny görmek bolýar. (W. F. Şalaýew, N. A. Rykow, Zoologiýa)2) Meşik, ýanlyk ýaly gaplaryň iki artky bujagy.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem artbujak - artbujagy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.